Sepleriň elýeterliligi

Kliçko prezident saýlawlaryna gatnaşmaýar


Ukrain syýasatçysy Witaliý Kliçko maýda geçiriljek irki saýlawlara kandidat hökmünde gatnaşmazlygy karar edendigini aýtdy.

Kliçko şenbe güni UDAR partiýasynyň kongresinde çykyş edip, özüniň saýlawda milliarder biznemen Petro Poroşenkony goldajagyny aýtdy.

Kliçko Poroşenkonyň güýçli jemyýetçilik goldawynyň bardygyny öňe sürdi.

Poroşenko anna güni giçlik özüniň prezident saýlawynda bäsleşige girjegini yglan etdi.


Ukrain parlamenti fewralda, aýlap dowam eden halk protestlerinden soň, prezident Wiktor Ýanukowiçi iş başyndan aýyrmaga ses berip, maýda irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyrypdy.

Ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko hem prezidentlige dalaş etjegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG