Sepleriň elýeterliligi

Taýlandda hökümete protest bildirilýär


Şenbe güni Bankogyň köçelerinde müňlerçe adam hökümete garşy proteste çykdy.

Olar syýasy reformalary talap edýärler. Iş başyndaky premýer-ministr Ýiňlak Şinawatranyň hökümetine garşy protestler noýabryň başynda başlandy.

Şonda onuň hökümeti öz gaçgak dogany, ozalky premýer-ministr Taksin Şinawatra peýdaly boljak umumy günä geçişligi öňe sürüpdi.

Taýland 2006-njy ýylda Taksin, Ýiňlak Şinawatranyň dogany hökümetden agdarylaly bäri krizisde.

Taksin Şinawtara korrupsiýada we häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG