Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG delegasiýasy Turçinow bilen duşuşdy


ÝHHG-nyň delegasiýasy iş başyndaky prezident Oleksandr Turçinow bilen ýetip gelýän prezident saýlawy barada maslahat etdi.

Anna güni Turçinow bilen gepleşik geçiren delagasiýa ÝHHG-nyň gysga wagtlyk missiýasynyň ýörite kordinatory, portugaliýaly deputat Joao Soares ýolbaşçylyk edýär.

Soares Turçinowyň we Ukrainanyň beýleki hökümet resmileriniň azat we demokratik saýlaw geçirmek üçin elde baryny etjekdiklerine ynandyrandyklaryny aýtdy.

Soares ukrain resmilerine «arassa saýlawyň» Ukrainanyň häzirki krizisde berip biljek iň güýçli jogaby boljakdygyny aýtdy.

Ukraina 25-nji martda prezident saýlawlaryny geçirýär.
XS
SM
MD
LG