Sepleriň elýeterliligi

BMG: Orsýet ses berişden öň haýbat atdy


BMG, ses berişligiň netijleri ekranda görkezilýär. Nýu-Ýork, 27-nji mart, 2014.

BMG, ses berişligiň netijleri ekranda görkezilýär. Nýu-Ýork, 27-nji mart, 2014.

Orsýet şu hepde Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçesine BMG-niň Baş Assambleýasynda Krymyň Ukrainadan bölünmek barada geçiren referendumyny bikanun diýip yglan etmek boýunça guralan ses berişligi goldamazlygy üçin haýbat atdy diýip, BMG-niň diplomatlary aýtdylar.

Bu habary «Roýters» täzelikler gullugy ýaýratdy.

Orsýetiň haýbaty baradaky habar Moskwa Günbatar ýurtlaryny BMG-niň 193 sany agza döwletini Ukraina krizisi babatdaky rezolýusiýany goldamaga mejbur etmek üçin «syýasy şantaždan ykdysady sanksiýalara çenli utançsyz basyş» ulanmak bilen aýyplanyndan soň ýaýrady.

BMG-niň diplomatlary bilen geçirilen interwýulara görä (diplomatlaryň köpüsi Moskwanyň gaharyny getirmekden çekinip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürledi), Orsýet Moldowa, Gyrgyzystana, Täjigistana we birnäçe afrika ýurduna haýbat atypdyr.

Orsýetiň BMG-däki missiýasynyň wekili Moskwanyň bu rezolýusiýany goldanlardan ar almak barada haýbat atandygyny ret etdi: «Biz hiç wagt hiç kime haýbat atmaýarys, biz diňe ýagdaýy düşündirýäris» diýip, ol aýtdy.

Diplomatlaryň aýtmaklaryna görä, Orsýetiň haýbatlary beýle bir anyk bolmandyr. Emma olar rezolýusiýany goldamazlyk barada duýduryş alanlara ar alyş çäreleriniň Orsýetdäki migrant işçileri kowmak, tebigy gaz ibermegi kesmek we Orsýete import edilýän belli-belli harytlara gadaganlyk girizmek ýaly zatlary öp içine alyp biljegini düşündirip aýdypdyrlar.

Krymda 16-njy martda Ukrainadan bölünmek barada geçirilen referendumyň kanuny güýjüniň ýokdugyny jar edýän Ukrain rezolýusiýasyna 100 ýurt goldaw sesini berdi, 11 ýurt bu karara garşy boldy, 58 ýurt bolsa saklandy.

BMG-a agza döwletleriň 24-si bolsa bu rezolýusiýa ses bermedi. Türkmenistan hem Ukraina rezolýusiýasyna ses bermedik ýurtlaryň biri boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG