Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýra düşen maşgalalar


Türk we türkmen baýdaklary
Türk we türkmen baýdaklary
Garaşsyzlyk ýylarynyň dowamynda daşary ýurtlar we ýurtlular bilen açylan aragatnaşygyň käbir halatlarda garyndaşlyga, ýagny türkmenleriň daşary ýurtlular bilen durmuş gurmagyna getiren halatlary hem boldy. Şeýle ýagdaýlara esasanam türkler bilen köpräk duş gelinýär.

Emma bagtyň gözleginde gurlan bu baglaryň käbirleri soňky döwürler dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz, bu ýagdaýa Türkmenistanyň biometrik pasport düzgünine geçmegi bilen has köp duş gelinýär.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda ençeme türk raýaty türkmenistanly ýoldaşynyň pasportyny çalyşmak üçin Aşgabada baranyndan soň yzyna göýberilmändigini, netijede özleriniň çagalary bilen ýeke galandyklaryny aýdyp, kömek sorap, Azatlyga ýüz tutdy.

Şeýlelikde, dünýa türkmenleri gepleşigimiziň bu tapgyrynda şeýle maşgalalaryň başdan geçirmeleri, bu ýagdaýyň maşgala we çagalara ýetirýän täsirleri, olaryň geljekki planlary ýaly temalar hakda olaryň özleri bilen söhbet etmekçi.

Eger bu tema sizi hem gyzyklandyrýan bolsa, gepleşigimize gatnaşyň, adresimiz hat@azatradio.org, hatyňyz gowuşsa, siz bilen özümiz habarlaşarys. Eger ýöne pikiriňizi galdyrmak isleňiz, aşakdaky forumdan hem peýdalanyp bilersiňiz. Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG