Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabatda Hazar maslahatlaşylar


Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça Konwensiýany işläp düzmek baradaky ýörite iş toparynyň 36-njy mejlisi geçiriler.

1-2-nji aprelde geçiriljek mejlis barada türkmen hökümetiniň şenbe güni ýaýradan habarynda aýdylýar.

Habarda bu regional çärä taýýarlyk barada türkmen hökümetiniň soňky geçiren mejlisinde maslahat edilendigi bellenilýär.

«Kaspi bilen bagly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär... Ýurt bu meselede hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormata we deň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasat ýöredýär» diýip, türkmen metbugatynyň habarynda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG