Sepleriň elýeterliligi

Tapyndylar ýiten uçara dahylsyz çykdy


Resmiler ýekşenbe güni Hindi okeanynyň düýbünden çykarylan obýektleriň Malaýziýanyň Howa ýollarynyň ýiten uçaryna dahylsyz bolup çykandygyny aýtdylar.

Awstraliýanyň Deňiz ýüzüşleriniň howpsuzlygyna jogap berýän resmileri hytaý we awstraliýa gämileriniň suwuň astyndan çykaran tapyndylarynyň balykçylyk materiallary ýa-da zyňyndy bolup çykandygyny aýtdylar.

Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Malaýziýanyň on uçary Pertadan günbatardaky 1,850 km giňişlikde gözleg-agtaryş işleri bilen meşgul.

Sişenbe güni bu ýere gelip ýetjek awstraliýa gämileri dikuçar we Birleşen Ştatlarda ýasalan «gara gapyrjak» tapyjy enjamy alyp gelýär.
XS
SM
MD
LG