Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň prezidenti Belgiýa geldi


Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň Ýewropa saparynyň soňky tapgyrynda, Belgiýa üç günlük sapara başlady.

Si ýekşenbe güni geldi we Belgiýanyň premýer-ministri Elio Di Rupo tarapyndan kabul edildi.

Biraz soň ol Belgiýanyň şasy Filippe hem şa aýal Mathilde bilen duşuşdy. Hytaý lideri bu saparyň dowamynda hytaý döwlet ýolbaşçysynyň Ýewropa Bileleşiginiň baş edarasyna edýän ilkinji saparyny hem amala aşyrar.

Ol duşenbe güni Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jose Manuel Barroso, Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şulz dagy bilen hem duşuşmaly.
XS
SM
MD
LG