Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Lawrow bilen Kerri duşuşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýekşenbe güni Ukrain krizisi barada maslahatlaşmak üçin Parižde duşuşýar.

Kerri şenbe güni Ýakyn Gündogardan öýüne gelýärkä planyny üýtgedip, Fransiýa ugrady. Bu duşuşyk prezident Barak Obama bilen prezident Wladimir Putiniň arasynda anna güni giçlik bolan telefon gürrüňinden soň planlaşdyryldy.

Telefon gürrüňi mahalynda Obama Putini Ukrainanyň gündogar serhedindäki goşunlaryny yzyna çekmäge çagyrdy.

Lawrow şenbe güni rus telewideniýesine beren interwýusynda Moskwanyň Ukrainanyň içine goşun ibermek niýeti ýok diýdi. Emma ol Orsýetiň Ukrainadaky ruslaryň we rus dilli ilatyň hukuklaryny goramaga taýýardygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de şenbe güni Krym tatarlarynyň azlygynyň wekilleri Orsýetiň ýarymadany anneksiýa etmegini ýazgaryp çykyş etdiler we özleriniň awtonom topar hökmünde ykrar edilmegini sorap, halkara guramalaryna ýüzlendiler.
XS
SM
MD
LG