Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Erdogany synaga salýan saýlaw


Saýlawçy ýerli saýlawlarda ses berýär. Stambul, 30-njy mart, 2014
Saýlawçy ýerli saýlawlarda ses berýär. Stambul, 30-njy mart, 2014
Türkiýeli saýlawçylar ýekşenbe güni ýerli saýlawlarda ses berýärler. Bu premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň Adalat we Galkynyş partiýasynyň halk içindäki meşhurlygynyň bir synagy bolup görünýär.

Hasaba alnan 52 million çemesi saýlawçy, alty sany uly partiýanyň gatnaşmagynda, ýurt boýunça şäher häkimlerini we beýleki resmileri saýlaýar.

Iň uly oppozisiýa partiýasy bolan merkezçi Respublikan halk partiýasy konserwatiw Adalat we Galkynyş partiýasyna paýtagt Ankarada we iň uly şäher Stambulda berk garşy durýar.

Erdoganyň partiýasy korrupsiýa galmagaly bilen ýüzbe-ýüz dur. Syzyp çykan ses ýazgylary hökümetiň içindäki ýokary derejeli korrupsiýadan we awtoritarizmedn habar berýär.

Hökümet saýlawlaryň öňüsyrasyndaky hepdelerde YouTube we Twitter ýollaryny böwetläp, halkara tankydyna sezewar boldy.
Premýer-ministr Erdogan Stambulda çykyş edýär. 23-nji mart, 2014.
Premýer-ministr Erdogan Stambulda çykyş edýär. 23-nji mart, 2014.

Örän dartgynly syýasy atmosfera bu günki saýlawa hem dartgynlylyk äheňlerini berdi.

Ankaraly Unal Sabunçu ses berişlik başlanana wagty "Roýters" habar gullugyna şeýle diýdi:

"Men 74 ýaşymda we şu wagta çenli saýlawlaryň şunuň ýaly dartgynly bolanyny görmedim. Hudaý halap, munyň ýaly dartgynly saýlawlar mundan soňam bolmaz. Gülüp-oýnap, parahatçylyk içinde saýlaw geçireris."

Ankaraly saýlawçy Saim Erkoç bolsa, özüniň milli bähbidiň partiýa syýasatlaryna gurban edilmezligine umyt baglaýandygyny aýtdy:

"Her kim üçin haýyrly-ugurly bolsun, ülkämiz üçin haýsysy haýyrly bolsa, şol hem bolsun. Men umyt edýärin, bu ýerli saýlawlarda hakykatdanam ýüregi bilen, wyždany bilen ülkesini, watanyny söýen ynsanlara ses berilsin. Men şeýle diýip hasaplan adamlaryma ses berdim."

Öz tarapdarlary tarapyndan Türkiýäniň ykdysadyýetini gowulandyran diýip öwülýän, emma garşydaşlary tarapyndan «diktator» diýlip atlandyrylýan Erdogan şäher häkimligine kandidatlaryň gapdaly bilen hepdeläp kampaniýa geçirip, bu saýlawlary öz 11 ýyllyk dolandyryşynyň referendumyna öwürdi.

Saýlawlaryň netijeleri, hususan-da Ankarada we Stambulda, premýer-ministriň geljekki planlaryna täsir ýetirer. Çünki ol awgustda prezidentlik ugrundaky bäsleşige goşulmagy niýet edinýär ýa-da, partiýa düzgünlerini üýtgedip, geljek ýyl premýer-ministrliginiň möhletini uzaltmakçy bolýar.

Türk häkimiýetleri saýlawyň asuda geçmegini üpjün etmek üçin ýurduň tomus wagtyna geçmegini hem bir gün yza süýşürdiler.
XS
SM
MD
LG