Sepleriň elýeterliligi

Kiska slowak prezidenti boldy


Andreý Kiska, partiýa dahyllylygy bolmadyk kandidat Slowakiýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiji boldy.

Ýekşenbe güni aýan edilen resmi netijelere görä, Kiska saýlawçylaryň 59.4 prosentiniň sesini alyp, premýer-ministr Robert Fisodan üstün çykdy.

Saýlawçylaryň gatnaşygy 50.5 prosent boldy. 51 ýaşyndaky bisnesmen Kiska sag ganat saýlawçylaryň arasyndaky anti-Fiso meýillerden we esasy akym syýasy partiýalara bolan ynamsyzlykdan peýda tapdy.

Täze prezident 15-nji iýunda, çepçi prezident Iwan Gasparowiçiň möhleti tamam bolanda kasam kabul eder.
XS
SM
MD
LG