Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howanyň maýlamagy töwekgellik döredýär


Howanyň global derejede maýlamagy adamzady ençeme töwekgellikleriň täze tapgyryna tarap alyp barýar. Bu duýduryş Birleşen Milletler Guramasynyň täze raportynda mälim edilýär. Raportda klimatyň düýpli üýtgemeginiň ýaňy başlanandygy bellenilýär.

Şeýle-de BMG-niň raportynda klimatyň üýtgemegi garyplyk, keselçilik, azyk howpsuzlygy, ýowuzlyk we bosgunlar ýaly jemgyýetiň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny has-da ýaramazlaşdyrar diýilýär.

Raportda ýokary derejedäki töwekgellikleriň ilki bilen ýerdäki hem-de okislendirilen okeandaky ösümliklere we haýwanlara zarba urjakdygy çaklanylýar.

BMG-niň bu raporty Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde bir hepde dowam eden gyzgalaňly diskussiýadan soň çap edildi.
XS
SM
MD
LG