Sepleriň elýeterliligi

​Gyrgyz-Täjik araçägindäki käbir nokatlar açyldy


Serhetdäki ýowuzlyklar bilen baglanyşykly geçirilen diplomatik gürrüňlerden soň, gyrgyz-täjik araçägindäki käbir barlag nokatlary ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri ilkinji gezek gaýtadan açyldy.

Gyrgyz Serhet gullugynyň ýolbaşçysy Raýimberdi Duşembaýew duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Karamyk we Bordobo serhet geçelgeleriniň doly işläp başlandygyny aýtdy.

Bu aralykda Kulundu we Kairagaç barlag nokatlarynda bolsa, diňe serhet geçelgeleriniň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjylara araçäkden pyýada geçmäge rugsat berilýär. Beýleki barlag nokatlary ýapyklygyna galýar.

Gyrgyz-täjik araçägi 11-nji ýanwarda bolan ok atyşykdan soň ýapylypdy. Şol wakada birnäçe gyrgyz we täjik serhet gullukçylary ýaralanypdy.

Gürrüňi edilýän ok atyşyk Gyrgyzystanyň täze garaýol gurýan dawaly territoriýasynda bolupdy. Bu garaýol Gyrgyzystanyň territoriýasyndaky Täjigistana degişli eksklawyň daşyndan aýlanyp geçýär.
XS
SM
MD
LG