Sepleriň elýeterliligi

​Medwedew Kryma bardy


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Kryma bardy. Medwedewiň Kryma edýän bu sapary netijesinde, ol ýarymada Russiýa tarapyndan ele geçirileni bäri Moskwanyň sebite baran ilkinji ýokary derejeli resmisi boldy.

Medwedew duşenbe güni Twitterde özüniň Simferopolyň territoriýasyndadygyny ýazyp, “şu gün hökümet bu ýerde Krymyň ösüşini maslahatlaşar” diýdi.

Habar gulluklarynyň berýän maglumatyna görä, Medwedew ýurduň ministrlerinden we wise-premýerlerinden ybarat ýokary derejeli ençeme rus delegasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde Kryma barypdyr we olar ýarymadanyň sosial we ykdysady ösüşi barada maslahat geçirerler.

Krym sebitiniň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi halkara derejesinde ykrar edilmedi we ol Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan bikanun diýlip häsiýetlendirildi.
XS
SM
MD
LG