Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Erdoganyň partiýasy ýeňiş gazandy


Türkiýäniň hökümet başyndaky Adalat we Galkynyş partiýasy (AKP) ýerli saýlawlarda güýçli ýeňiş gazandy.

Türk telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni sesleriň 98%-i sanalypdyr. Maglumatda oppozision CHP-niň sesleriň 28%-ni, AKP-niň bolsa sesleriň 45%-ni alandygy bellenilýär.

CNN Türk telekanalynyň maglumatyna görä, saýlawlaryň soňky netijeleri heniz tamamlanmasa-da, AKP Stambulyň kontrollygyny öz elinde saklaýar we Ankarada-da tapawutly ýeňişe eýe boljak ýaly bolup görünýär.

Bu ses berişlik köp adamlar tarapyndan Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan üçin referendum hökmünde görülýär. Erdoganyň AK partiýasy 2002-nji ýyldan bäri hökümeti dolandyrýar.

Erdogan ýekşenbe güni öz tarapdarlaryna ýüzlenip, özüni korrupsiýada aýyplan tankytçylary yzarlajakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG