Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: AKP ýerli saýlawlarda ýeňiş gazandy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlarynyň öňünde, Ankara, 30-njy mart, 2014.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlarynyň öňünde, Ankara, 30-njy mart, 2014.

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky “Adalat we galkynyş partiýasy” (AKP) ýurduň ýerli saýlawlarynda uly ýeňiş gazandy.

Türkiýäniň telewideniýesiniň aýtmagyna görä, duşenbe güni sesleriň 98%-i hasaplanansoň, ol sesleriň 45%-ni “Adalat we galkynyş” partiýasy gazanypdyr. Oppozision “Respublikan halk partiýasy” sesleriň 28%-ni alypdyr.

“CNN Türk TW” telekanalynyň maglumatyna görä, “Adalat we galkynyş partiýasy” Stambulda öz täsirini güýçlendirdi we entek gutarnykly netijeler belli bolmasa-da, Ankarada hem ýeňiş gazanjaga meňzeýär.

Ses berişligiň netijelerine Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan üçin synag hökmünde garalýar. Erdoganyň “Adalat we galkynyş” partiýasy 2002-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda saklanýar.

Ses berijileriň goldawy

Partiýanyň tarapdary Salih Seker Ankarada “Reuters” agentligi bilen söhbetdeşliginde ses berişligiň Erdoganyň öz tankytçylary bilen gapma-garşylygynda öňa goldaw bolandygyny aýtdy: “Ses berişligiň netijeleri demokratik we adalatly boldy. “Adalat we galkynyş partiýasy” saýlaw geçirmäge çagyryş edenlere ses berişligiň netijeleri bilen jogap berdi”.

Ýerli saýlaw kampaniýasy Türkiýäniň syýasy ýolbaşçylarynyň daşynda korrupsiýa bilen bagly dawanyň güýçlenýän wagtynda geçirildi. Dekabr aýyndan bäri dowam edýän dawa Erdoganyň ýakyn syýasy ýaranlaryna degişli.

Erdogan ses berişlik nokatlarynyň ýapylmagynyň yzysüre eden çykyşynda özüni korrupsiýada we döwlet syrlaryny paş etmekde aýyplan “duşmanlarynyň düşelgesine” basyş etjegini we olaryň jogap bermeli boljakdygyny aýtdy.

Erdogan garşydaşlary barada

Erdogan özüne garşy töhmetçilikli kampaniýany alyp barmakda özüniň öňki ýarany, ABŞ-da ýerleşýän yslam ruhanysy Fethullah Guleni aýyplady we onuň öz garşysyna korrupsiýa bilen bagly meseläni gozgamak üçin polisiýadaky tarapdarlaryndan peýdalanandygyny aýtdy.

“Adalat we galkynyş partiýasynyň” Ankaradaky edara jaýynyň balkonyndan öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş eden Erdogan öz garşydaşlaryny ýurdy bölmezlige çagyrdy.

“Bu täze döwürde Türkiýä häkimiýet başyndaky partiýa ýaly öz halkyna hyzmat etjek täze oppozisiýa gerek. Türkiýä kemsitmeleri we gapma-garşylyklary döredýän oppozisiýa däl-de, 77 million adam bilen bir dilde gepleşýän oppozisiýa gerek” diýip, Erdogan nygtady.

Ses berişligiň “Adalat we galkynyş partiýasy” üçin öňyn netije berendigi aýdylýarka, Erdoganyň awgust aýynda Türkiýäniň prezidenti wezipesine dalaş etmek, ýa-da dördünji sapar premýer-ministr wezipesine dalaş etmek üçin “Adalat we galkynyş partiýasynyň” düzgünlerini üýtgetmek planlaryna seredýändigi barada habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG