Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Ukraina Medwedewiň saparyny ýazgardy


Ukraina Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Kryma eden saparyny ýazgardy. Kiýew muny “halkara derejesinde özüňi alyp barmagyň kadalarynyň gödek bozulmasy” diýip häsiýetlendirdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýewgeniý Pereýbinis duşenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda Kiýew bu sapara “berk protest bildirip”, Russiýa Federasiýasyna nota ugratdy diýdi.

Medwedew duşenbe güni Simferopolda eden çykyşynda Moskwa maýa goýumçylaryň ünsüni sebite çekmek üçin ýarymadany özboluşly ykdysady zona öwürer diýipdi.
XS
SM
MD
LG