Sepleriň elýeterliligi

​Elton Jon partnýoryna öýlenýär


Britaniýaly aýdymçy Elton Jon özüniň uzak wagtdan bäri partnýory Deýwid Furniş bilen nikalaşjakdygyny aýtdy. Bu barada Angliýada we Uelsde bir jynsly nikalar kanunlaşdyrylandan soň yglan edildi.

Jon Birleşen Ştatlaryň “NBC-TV” telekanalyna beren maglumatynda nika dabarasynyň sessiz we şahsy görnüşde geçjekdigini aýtdy. Şol bir wagtda-da munuň “şatlykly waka” boljakdygyny sözüne goşdy. Ol nika dabarysynyň haçan boljakdygy barada jikme-jik maglumat bermedi.

Bir jynsly nika 29-njy martdan başlap Angliýada we Uelsde kanunalaýyk diýlip hasaplanyldy. Jon 2012-nji ýyldan bäri Britaniýada bir jynsly nikanyň kanunlaşdyrylmagy ugrunda kampaniýa alyp barýardy.
XS
SM
MD
LG