Sepleriň elýeterliligi

Medisina ätiýaçlyk tölegi galdyryldy


"Daşary ýurtlardan getirilýan has gowy dermanlaryň köpüsi medisina polisi boýunça berilmeýär"

"Daşary ýurtlardan getirilýan has gowy dermanlaryň köpüsi medisina polisi boýunça berilmeýär"

Türkmenistanda işlemeýän, yzygiderli girdejisi bolmadyk raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleýän tölegleriniň möçberi 15 esse galdyrylar. Her aýda edilýän bu tölegiň möçberi ozal 1 manada deň bolan bolsa, indi ol 15 manada çenli artdyrylar.

1-nji aprelden başlap güýje girýän bu düzgüniň näme sebäpden kabul edilendigi, şeýle-de munuň bilen haýsy anyk maksatlar göz öňünde tutulýandygy barada ilat köpçüligine hiç hili resmi düşündiriş berlenok.

Bu täze tertip prezident G.Berdimuhamedowyň "Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegiň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary bellemek hakynda" permana gol çekmegi bilen bagly.

14-nji martdaky gol çekilen permana laýyklykda, 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça yzygiderli girdejisi bolmadyk raýarlar üçin tölegiň binýatlyk derejesi 750 manat möçberinde kesgitlenýär.

Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylda girizilen meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş tölegi işleýän raýatlaryň aýlyklaryndan, işleýän ýa-da işlemeýän pensionerleriň pensiýalaryndan, studentleriň stipendiýalaryndan we kömek puluny alýan inwalidleriň posobiýalaryndan, ýagny kömek pullaryndan 2% tutulyp alnyp galynýar.

Nägilelik

Işlemeýän ýa-da yzygiderli girdejisi bolmadyk raýarlar üçin tölegiň möçberi bolsa ýurtda resmi taýdan kesgitlenen ortaça ýaşaýyş minimumynyň möçberiniň 2%-den tutulýar. Prezident Berdimuhamedow agzalýan permana gol çekeninden soň bu töleg 15 manat boldy.

Işlemeýän raýatlar üçin medisina polisiniň bahasynyň ýokarlandyrylmagyndan nägile bolýan adamlar az däl. Bu ýagdaýdan nägile boljak adamlaryň köpdügini käbir lukmanlaryň özleri-de boýun alýarlar.

“Geçen ýyl maý aýynda medisina hyzmatlary gymmatlady. Indi bolsa işlemeýän adamlar üçin medisina polisi hem 15 manada ýetirildi. Bu tölegi tölemek olara has-da agyr bolar” diýip, paýtagtyň 1-nji saglyk saglyk öýüniň lukmany Annagül aýdýar.

Ýatladyp geçsek, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça degişli tölegi töleýänleriň zerur dermanlaryň käbir görnüşlerini 90% arzan almaga haky bar. Bu dermanlaryň sanawy hökümet tarapyndan düzülýar. Emma şol sanawy tapmak kyn.

“Arzanladylyp berilýän dermanlaryň köpüsi ýurtda öndürilýän pes hilli dermanlar ýa-da öňem o diýen gymmat bolmadyk dermanlar. Daşary ýurtlardan getirilýan has gowy dermanlaryň köpüsi medisina polisi boýunça berilmeýär” diýip, aşgabatly pensioner Agageldi aga aýdýar.

Şeýle-de, medisina ätiýaçlandyryşy boýunça bu tölegi töleýän adamlara döwlet býujetindäki medisina edaralarynyň hyzmaty 50% arzanladylýar. Muňa garamazdan, medisina hyzmatlary ýurtda arzan diýiip hasaplanmaýar.

“Diňe bir MRT analizi üçin 200 manat tölemeli. Medisina polisi boýunça onuň bahasy 100 manat bolýan bolsa-da, iň soňy köp adamlar üçin ol gymmat bolýar. Sebäbi bu analizden soň bejeriş üçin, derman üçin ýene-de pul tölemeli. Aýlyklar bolsa entägem pes. Işlemeýän adamlar barada gürrüň hem edemok” diýip, paýtagtly pensioner Agageldi aga gürrüň berýär.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşynyň işlemeýän adamlar üçin tölegiň ýokary galdyrylmagy barada prezidentiň degişli permanyndan başga halka goşmaça resmi maglumat berlenok. Bu täze ädimiň raýatlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirjekdigini bolsa diňe wagt görkezer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG