Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Bolgusyz deňeşdirme


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.

Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy.

Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň degişmeleri we halk henekleri.

Aýananyň öňüne geç

Bir gezek ýaş suratkeş serhoş halda ülpediniň ýanyna gelipdir. “Synlanlary haýran etjek suraty, arwahyň suratyny çekjek bolýan. Arwahy nähili keşpde göz öňüne getirýäň?” diýip, sorapdyr. Dosty:

-Aýnanyň öňünde otur-da öz suratyňy çek! Şonda gaýtalanmajak sungat eserini döreden adam bolarsyň. At-owazaň dünýä ýaň salar -diýipdir.

Bolgusyz deňeşdirme

Är-aýal çaý başynda hemsöhbet bolup otyr. Äri “Erkek kişä üýtgeşik syrat, görk-görmek gerek däl. Erkek kişini görende eşek ondan ürkmese, şol erkek ortatap görmegeý adam” diýýär. Aýaly:

-Biderek gürrüň etme, heý-de eşek eşekden ürkermi? Gadymdan gelýän “Erkek adam erkek eşek” diýen paýhasly sözi unutdyňmy? -diýip, nägilelik bilen gaş çytypdyr.

Miwesi owadan agaç

Bir aýal ärine gahar edip, özüni gapylaryndaky agaçdan asypdyr. Pajygaly ýagdaýy goňşylary giç görüpdir. Olar gelende janyna kast edeniň jany karkara gelipdir. Janyna kast edeniň goňşylarynyň biri-de aýaly bilen oňuşmaýan eken. Är-aýalyň günleri bir bolsa, dawalary iki bolupdyr. Aýaly bilen oňuşmaýan merhum zenanyň asyl-asyl bilyp duran agajyny synlap durşuna:

-Miwesi owadan agaç eken. Meniň gapymdaky agaç haçan şeýle owadan miwe getirer -diýip, gamgyn seslenipdir.

Teswir

Bir gezek biri meşhur hudožnikden wadasynda tapylmaýanyň karikaturasyny (gülkünç surat) çekip bermegi haýyş edipdir. Çekjek suratynyň muzdyny ylalaşan hudožnik müşderisine döwlet syýasaty barada gürrüň berip başlaýar. Müşderi hudožnigiň göwnüni ýykmazlyk üçin ony esli salym diňläpdir.

Ahyry sabyr käsesi dolup “Men size wadasynda tapylmaýanyň karikaturasyny buýurdym. Siz bolsa döwlet syýasatyny gürrüň berýäňiz. Men gürrüň diňlemäge gelemok” diýip, öýkeläp turup gitmekçi bolýar. Hudožnik:

-Wadasynda tapylmaýanyň bijebaşysy döwlet syýasaty. Saňa şonuň karikaturasyny çekip berjek. Karikaturaň detallaryna teswir-kommentari bermesem, oňa doly düşünmersiň -diýipdir.

Gadyr bilmez

Köp gatly jaýyň ýokarky etažynda ýaşaýan eýwana çykyp, zir-zibilini köçä zyňýan eken. Bu ýagdaý etinden ötüp, süňňüne ýeten köçe süpüriji “Zir--zibili köçä zyňmaga utanmaýarmyň? Nämüçin iller ýaly ony zibilhana zyňmaýaň” diýip gatyrganypdyr. Ýokarky gatda ýaşaýan:

-Men zir-zibil zyňmasam, senem ony ýygnamasaň, ýolbaşçylaryň “Yransam günüm öter” diýýäni diýip, seni işden kowarlar. Minnetdarlyk bildirmegiň deregine gatyrganmaň näme? Gadyr bilmez adam ekeniň -diýip, onuň üstüne hüjüme geçipdir.

Çöplän, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG