Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa kit awlamak gadagan edildi


BMG-niň Ýokary sudy Ýaponiýa Antarktikada kit awlamagyny bes etmeli, diýen karar çykardy. Halkara adalat sudy duşenbe güni Ýaponiýanyň kitleri ylmy maksatlar üçin awlanýandygy barada getiren delillerini ret etdi.

Sud öldürilen kitlere degişli islendik ylmy öwrenmeleriň netijeleriniň haýwanlaryň sanyna garanda ähmiýetiniň gaçýandygyny aýtdy we kitlere degişli ylmy lisenziýa rugsatnamalaryň mundan beýläk berilmejegini yglan etdi.

Ýaponiýa 1986-njy ýylda kitleriň öldürilmegine girizilen gadagançylyga gol çekdi, muňa garamazdan, her ýylda Günorta Okeanda 850 sany haýwany atyp öldürmegini dowam etdirdi. Ýaponiýa ylmy barlaglar üçin bu iri süýt emdiriji haýwany öldürmäge rugsat berýän 1946-njy ýylyň ylalaşygyna salgylandy.

Kitleri awlamaklyk öň tutuş dünýäde giňden ýaýran tejribedi emma şu günki Ýaponiýa olary awlaýan köp bolmadyk ýurtlaryň biridir.
XS
SM
MD
LG