Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” Kiýew üçin gazy gymmatladýar


Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy Ukraina üçin gazyň nyrhyny artdyrýandygyny sişenbe güni yglan etdi.

Ýylyň ikinji çärýeginden başlap Orsýetden Ukraina akdyrylýan gazyň her müň kubometriniň bahasynyň 268.5 dollardan 385.5 dollara getiriljekdigi aýdylýar. “Gazpromyň” ýolbaşçysy Alekseý Miller Ukrainanyň gaz üçin tölemedik bergisiniň möçberiniň 1.7 milliard dollardan ybaratdygyny sişenbe güni aýtdy.

“Gazpromyň” gazyň bahasyny 40% galdyrmak baradaky karary Ukrainada syýasy krizisyň başlanmagyndan öň ýeňillikler barada gelnen ylalaşygy soňlaýar.
XS
SM
MD
LG