Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“KazAtomPromyň” müdiri tussag edildi


Gazagystanyň “KazAtomProm” milli ýadro kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri korrupsiýa bilen bagly iş boýunça tussag edildi. Gazagystanyň Korrupsiýa garşy döwlet agentliginiň sişenbe güni aýtmagyna görä, Waleriý Şewelýow 710 million dollary ogurlamakda güman edilýär. Şewelýowyň orunbasarlarynyň biri Abdrazakow hem tussag edilipdir.

Derňewler “KazAtomProm” kompaniýasynyň täze obýektiniň gurluşygy bilen bagly. Bu agentligiň öňki prezidenti Muhtar Džakişew häzir 14 ýyllyk türme möhletini başdan geçirýär. 2009-njy ýylda tussag edilen Džakişew we onuň tarapdarlary özüne ýöňkelýän günäniň syýasy sebäpler bilen bagldygyny aýdýarlar.

“KazAtomProm” Gazagystanyň urany we ýadro ýangyjy öndürýän esasy edarasydyr. Gazagystanda atom elektrostansiýalar ýok.
XS
SM
MD
LG