Sepleriň elýeterliligi

Ukrain parlamenti ýaragsyzlandyrmagy goldady


Ukrainanyň parlamenti Werhownaýa Rada ýurtda ähli ýaragly toparlary ýaragsyzlandyrmak barada sişenbe güni ses berdi.

Parlamentiň 256 agzasy tarapyndan goldanan bu karara sişenbe güni radikal milletçileriň ýaraglaryny taşlap Kiýewiň myhmanhanasyny terk etmeginiň yzýany gelindi. Içeri işler ministri Arsen Awakow aşa milletçi “Sagçy sektor” atly hereketiň agzalarynyň öz edarasy hökmünde ulanan “Dnipro” atly myhmanhanadan awtobuslara münüp şäheriň daşyndaky lagere tarap ugrandygyny aýtdy.

Olaryň şäherden giden wagty ok atyşyk emele geldi. “ Sagçy sektoryň” agzasy ok atyp üç adamy, şol sanda Ukrainanyň paýtagtynyň häkiminiň orunbasaryny ýaralady. Sişenbe güni irden berilen maglumatlarda polisiýanyň ok atyşyga sebäpkär bolmakda güman edilýän adamy tussag edendigi barada aýdyldy.

“Sagçy sektor” fewral aýynyň aýagynda Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçi häkimiýet başyndan çetleşdirmekde esasy rol oýnady, emma geçen aýda öz liderlerinden biriniň öldürilmeginden soň täze hökümet bilen arasyny üzdi.
XS
SM
MD
LG