Sepleriň elýeterliligi

NATO Ukraina barada maslahat edýär


NATO-nyň daşary işler ministrleri sişenbe günki duşuşygynda Ukrainadaky ýagdaýy maslahat etdiler. Brusselde geçirilen bu maslahat Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionyny harby taýdan okkupasiýa edip, yzýany bölüp almagyndan soňky NATO-nyň ilkinji duşuşygydyr.

NATO Ukraina harby taýdan goşulyşmagy ret etdi, emma Günbatar Ýewropadaky agzalaryny, aýratynam Baltiýa döwletlerini köşeşdirmäge çalyşdy. Bu ýurtlarda ABŞ-nyň goşmaça söweş uçarlary iberildi. Diplomatlaryň aýtmagyna görä, NATO-nyň daşary işler ministrleri harby türgenleşikleri geçirmek we gurama agza gündogar ýurtlaryna goşmaça goşun ibermek ýaly meseleleri maslahat edýärler.

NATO-nyň ministrleriniň Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Deşçytsia bilen duşuşygynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň netijeliligini artdyrmak üçin bu ýurda ýardam hödürlemegi göz öňünde tutýandygy barada habar berildi. NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen AÝ/AR bilen söhbetdeşliginde “Biz Ukraina bilen NATO-Ukraina partnýorlygynyň we NATO-Ukraina komissiýasynyň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdyk” diýip belledi.

NATO-nyň ministrleri guramanyň Orsýet bilen hyzmatdaşlygyna hem gaýtadan seretmekçi.
XS
SM
MD
LG