Sepleriň elýeterliligi

NATO ukrain krizisini maslahatlaşýar


NATO-nyň Brýuseldäki maslahaty. 1-nji aprel, 2014 ý.

NATO-nyň Brýuseldäki maslahaty. 1-nji aprel, 2014 ý.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen sişenbe güni özüniň Orsýetiň Ukrainanyň gündogar serhetinde ýerleşdiren ýaragly güýçlerini yzyna çekýänligini görkezýän hiç bir alamaty görmeýändigini aýtdy.

Rasmussen muny NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Ukraina krizisi boýunça pikir alyşmak üçin Brýusselde barýan duşuşygynyň öň ýanynda aýtdy.

"Gynansak-da, men Orsýetiň ýaragly güýçlerini yzyna çekýändigini tassyklap biljek däl. Biz muny göremzok. Bu harby artykmaçlyk dartgynly ýagdaýyň köşeşmegine hiç bir halatda goşant goşup bilmez. Biziň görmek isleýänimiz ýagdaýyň köşeşmegi".

Rasmusseniň aýtmagyna görä, Orsýetiň Ukrainanyň garşysyna aggressiýasy Ýewropanyň howpsuzlyk landşaftyny düýpgöter üýtgedip, NATO-nyň edil serhetlerinde durnuksyzlyga sebäp bolýar.

Ol Orsýetiň NATO-Orsýet ýaranlygynyň esaslaryny emele getirýän prinsipleri bozýandygyny aýtdy: "Biz Orsýetiň hereketleriniň kabul ederlik däldigini aýyl-saýyl görkezeris. Orsýet bilen şoňa laýyklykda hyzmatdaşlyk etmek baradaky kararlara geleris. Sebäbi Orsýet öz hereketleri bilen partnýorlyga esas bolup hyzmat edýän prinsipleri ýykdy. Halkara borçnamalaryny ýumurdy. Şol sebäpden biz indi hemişekisi ýaly gündelik işe dolanyp bilmeris".

NATO-nyň Brýusseldäki duşuşygy Orsýet Krymy harby güýç bilen eýläp, ony anneksiýa edeli bäri geçýän ilkinji duşuşyk.

Howatyrlar

Moskwa öten aý on müňlerçe esgerini ukrain serhedine üýşürmek bilen Orsýet Krymdan soň indi Ukrainanyň beýleki böleklerini eýelejek bolýar diýen gorkyny oýardy.

Orsýetiň goranmak ministri duşenbe güni serhediň golaýynda geçirilen türgenleşigi tamamlan batalýony yzyna çekýändigini aýdypdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ukrain araçäginden yza çekilýändigini tassyklap bilmeýändigini aýdýar. Ýöne döwlet departmentiniň sözçüsi Jen Psaki bu iş tassyklansa, onda bu "oňat garşylanan deslapky ädim bolar" diýdi.

NATO Ukraina meselesine harby taýdan özüniň goşulmajakdygyny bildirdi – Ukraina harby ýaranlyga agza däl – ýöne öz gündogar Ýewropadaky agzalaryna, aýratyn-da Baltika döwlerine bu babatda arkaýynlyk berdi.

NATO-nyň baş sekretary: "Ministrler ýaranlyga agza döwletlere abanýan howpy, nähili hem bolsa, yzyna serpikdirmek barada gerekli çärerleri görerler, Ukraina hem goldawy teklip ederler" diýdi.

"Gorkuzmak goranmaga itekleýär”. Şol sebäpden biz gerekli çäreleri girizip, NATO ýaranlaryna abanýan hiç bir howpuň ýol almajakdygyny bütin dünýä görkezeris. Ýaranymyz Ukrainany hem köp wagt bäri dowam edip gelýän ýaranlygymyzyň çäklerinde syýasy hem praktiki çäreler bilen godamagyň ýollary barada ylalaşarys" diýip, Rasmussen nygtady.

NATO-nyň ministrleriniň Ukrainanyň häzirki wagtlaýyn daşary işler ministri Andriý Deşitsýa bilen bolan bir duşuşykda bu ýurduň ýaragly güýçleriniň harby taýynlygyny has ýokary derejä ýetirmek üçin oňa kömek teklip etmegine garaşylýar.

Ministrler şeýle hem Orsýet bilen hyzmatdaşlygy-da täzeden gözden geçirerler.

Ukrainanyň parlamenti NATO döwletleri bilen harby türgenleşik geçirmegi sişenbe güni geçirilen ses berişlikde oňlady.
XS
SM
MD
LG