Sepleriň elýeterliligi

Tebipler bilen bir hatarda pal bakýan adamlar hem şu günler girdeýjisiz galmajaga meňzeýär. Diňe bir Aşgabadyň özünde pal bakýanlaryň birnäçesiniň bardygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Olara barmak üçin adamlar hatda uzak nobatlarda durmakdan hem çekinmeýärler. Palçylaryň meşhurlygy näme bilen bagly, ýüz tutýanlar näme bilmek isleýärler?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, mundan ozal birnäçe gezek palça ýüz tutan türkmen talyby Merjen bilen söhbetdeş boldy. Ol palçynyň özüne iki ýyl soň okuwa ýerleşersiň diýendigini, emma ol aradan bir ýyl geçmänkä okuwa girendigini, ýagny palçynyň diýenleriniň ýalan çykandygyny aýdýar. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG