Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Aşgabat: Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi geçirildi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu gün, ýagny 2-nji aprelda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleriniň bu barada neşir eden gysgaça habarynda mejlisiň nirede geçirilendigi hakda henize çenli doly maglumat berilmedi. Emma mejlisiň harby çadyrda geçirilendiginden çen tutulsa, onuň harby merkezlerden birinde bolandygyny aýtmak mümkin.

Şeýle-de bu ýygnagyň maksady hem-de mejlisde gürrüň edilen temalar hakda-da henize çenli jikme-jik maglumat berilmedi. Harbylaryň gatnaşmagynda geçirlen bu ýygnak, soňky döwür owgan-türkmen serhedinde bolan käbir dartgynly wakalaryň ýzýanyna gabat gelmegi bilen ünsi özüne çekýär.
XS
SM
MD
LG