Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Alnyp gaçylan dokuz adam öldürildi


Owgan resmileri ýurduň demirgazyk welaýatynda alnyp gaçylan dokuz adamyň öldürilendigini habar berýärler.

Owganystanyň Sar-e Pol welaýatynyň häkimi Abdul Jabar Hakbiniň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda welaýat geňeşligine dalaş edýän kandidat Hussain Nazari hem bar.

Gürrüňi edilýän dokuz adam geçen hepdäniň soňunda alnyp gaçylypdy we ýurduň resmileri olaryň boşadylmagy üçin gepleşikleri geçirýärdi.

Häzirki wagta çenli alnyp gaçylanlaryň bäşisiniň jesedi tapyldy we beýleki jesetleri tapmak ugrunda hem gözlegler dowam edýär. Tapylan jesetleriň käbirleriniň kellesi çapylypdyr.

Henize çenli alnyp gaçylmalaryň we öldürmeleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

“Talyban” hereketi şu hepdäniň soňunda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmaga wada beripdi.
XS
SM
MD
LG