Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazak oppozision gazeti ýapyldy


Gazagystanda oppozision “Assandi Times” gazeti ýapyldy. Gürrüňi edilýän gazetiň işgärleriniň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni Almatynyň Medeu etrap sudunyň resmileri gelip, olara neşiriň ýapylandygyny aýdypdyrlar we edarany möhürläpdirler.

Žurnalistlere berlen maglumata görä, suduň gazeti ýapmak baradaky karary sişenbe güni çykarylypdyr. Suduň bu karary gürrüňi edilýän neşiriň gadagan edilen “Respublika” atly gazet kompaniýasynyň bir bölegidigi kesgitlenilenden soň amala aşypdyr.

Žurnalistler sud diňlenişigi barada özleriniň habarly edilmändigini aýdýarlar. “Assandi Times” gazetiniň habarçysy Nataliýa Sadykowa geçen aý Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýerli resmiler özüne garşy töhmetdigi aýdylýan aýyplamalar ýöňkänden soň, Gazagystany terk edip Ukraina barandygyny habar beripdi.

2012-nji ýylda ýurduň sudy sekiz gazetiň we 23 websahypanyň “Respublika” kompaniýasynyň bir bölegidini aýdyp, olary ýapmak barada karar çykarypdy. Sud gürrüňi edilýän gazetlerde we websahypalarda çap edilýän maglumatlaryň ekstremistik mazmunlydygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG