Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dertliler "dermançylara" bil baglaýar


Dermanlarynyň saklanyş şertleri we olaryň täsirliligi käbir düýpli soraglary hem döretmän duranok.
Dermanlarynyň saklanyş şertleri we olaryň täsirliligi käbir düýpli soraglary hem döretmän duranok.
Türkmenabadyň Merkezi bazarynda, ilat arasynda “Dünýä bazary” diýlip tanalýan meşhur söwda nokatlarynda “däri-derman bar”, “derman gerekmi?!” diýip gyzyklanyp, aýlanyp ýören, hatda oturgyçda oturyp, öňünde içi dürli görnüşli dermanlardan doly uly plastik haltalary goýup, derman satýan söwdagärlere islendik gün duş gelse bolýar.

“Dermançylar” diýlip atlandyrylýan bu özboluşly söwdagärleriň hödürleýän “harytlarynyň” arasynda döwlete degişli dermanhanalardan tapmasy kyn bolan ýa-da lukmanyň ýörite güwanamasy esasynda berilýän medisina serişdeleri hem bar. Refortan, kontrikal, diazepam ýaly degişlilikdäki güýçli dermanlar “dermançylarda” hemişe-de tapylýar.
Türkmenabadyň "dermançylary"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:25 0:00

Ildeşlerimiziň käbirleriniň pikiriçe, gaty seýrek duş gelýän, şeýle-de ýörite güwanama esasynda goýberilýän dermanlary edil “bag-bakja önümleri ýaly, bazardan satyn alyp bolýandygy” adamlara belli bir derejede ýeňillik döredýär.

Aýna öz agyr ýatan gelnejesiniň sargan we diňe lukmanyň güwanamasy esasynda satylýan Diazepam atly dermany birki dermanhanadan tapmansoň, bazardaky dermançylardan almaly bolandygyny gürrüň berýär.

Howp

Emma Aýnanyň “arkaýyn, bakja önümi ýaly alyp bolýar” diýýän dermanlarynyň saklanyş şertleri we olaryň täsirliligi käbir düýpli soraglary hem döretmän duranok.

Adynyň tutulmagyny islemedik 25 ýaşly farmaseft uzakly gün plastik paketleriň içinde güne gyzyp duran dermanlaryň saklanyş şertleriniň düýpli bozulýandygyny, munuň netijesinde-de şol dermanlaryň peýdadan beter adamyň janyna howp salýandygyny-da aýdýar.

“Bazarlarda derman satýan adamlaryň hijisinde farmaseftika ugrundan ýörite bilim ýok. Olar diňe harydynyň geçenini bilýär. Dermanlaryň saklanyş şertleri düýbünden berjaý edilenok. Dermançylar öz satýan dermanlaryny tomsuň jöwzasynda, günüň aşagynda, plastik haltalarda saklaýarlar. Bu bolsa ilatyň saglygyna ýowuz urgy bolýar. Zaýalanan dermanlaryň adamyň saglygynyň has-da ýaramazlaşmagyna, hatda olaryň ölümine hem getirmegi mümkin” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik farmaseft Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Farmaseftiň bu pikiri bilen başga bir söhbetdeşimiz hem ylalaşýar. Sebäbi süýji keselinden ejir çekýän Gülbahar atly bu türkmenabatly gelin gara bazardan derman satyn alyp, agyr ýagdaýa düşüpdir.

“Dünýä bazaryndaky” dermançylaryň birinden 11 manada bir doly gap Manulin satyn aldym, dermanyň gabynda möhletiniň tamamlanmagyna iki ýylyň bardygy görkezilipdir. Manuliniň bir tabletkasyny her gün bir gezek ertirlik edinmezden ozal atýanlygym üçin, ganymdaky süýjiniň derejesi kän ýokary däldi. Emma gyssagly ýagdaýdakam, bazardan satyn alan Manulinimi 17 gün atanymdan soň süýjim ýokarlanyp, hassahana düşdüm” diýip, Gülbahar gelin gürrüň berýär.

Kanuna ters bolsa-da....

Şol bir wagtda “dermançylaryň” söwdasy Türkmenistandaky hereket edýän kanunçylygya hem ters gelýär. Oňa görä, ýörite rugsatnamasyz, ýagny lisenziýasyz derman söwdasyny etmek gadagan. Emma her niçik-de bolsa, “dermançylar” bazarlarda açyk oturyp, hiç bir bökdençsiz söwda etmegini dowam etdirýärler.

Muny garaşsyz çeşmeler arkaly tassykladyp bolmasa-da, käbir çaklamalara görä, dermançylar kanuny rugsatnama esasynda işleýän dermanhanalaryň ýolbaşçylary bilen “dil birikdirip”, öz satýan dermanlaryny köp mukdarda satyn alýarlar we üstüne biraz nyrh goýup, ilata satýarlar.

Bu aralykda, bogazyna agram berip, “derman gerekmi?!” diýip gygyrýan “dermançynyň” ýanyna ýene bir müşderi gelip, özüne gerek bolan dermanyny soraýar. Bu adam ol dermany atanyň janyna abanyp biljek howpa düşünse-de, ýerli dermanhanalardan derdine em tapman, soňky çykalgasy hökmünde bialaç “dermançylara” ýüz tutmaly bolýandygyny ahmyr bilen aýdýar.
XS
SM
MD
LG