Sepleriň elýeterliligi

Saglyk agyzdan we suwdan


Jebel şäherçesi, hapa suw. 15-nji mart, 2014 ý.

Jebel şäherçesi, hapa suw. 15-nji mart, 2014 ý.

Türkmen nakylynda "Saglyk agyzdan, görk eginden" diýilýär. Şeýle-de saglygyň köp derejede içilýän, azyk önümleri, nahar üçin ulanylýan suwa baglydygy aýdylýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 2013-2020-nji ýyllar boýunça "Suwuň hili hem saglyk strategiýasy" programasynda bellenilmegine görä, içilýän we öý maksatlary, azyk önümçiligi, gaýtadan döretmek üçin ulanylýan suwuň hiliniň ynsan saglygyna uly täsiri bar.

Emma muňa garamazdan, entek dünýäde arassa agyz suwunyň howpsuzlygy we ilata elýeterliligi hemme ýerde deň däl.

Türkmenistanda suw ilata mugt berilýän harytlaryň hatarynda agzalýar, şol bir wagtda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi babatda entek çözülmeli meseleleriň az däldigi aýdylýar.

Türkmen hökümeti soňky ýyllarda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, çeşme suwlaryny toplamak, suw arassalaýan zawodlary gurmak barada tagalla edýändigini aýdýar, bu işe döwlet serişdesi goýberilýär.

Emma il içinden gowuşýan habarlarda ýerli häkimiýetleriň ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligine ýeterlik üns bermeýändigi, adamlaryň suw kösençliginiň dowam edýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy nobatdaky "Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.
Bu söhbete gatnaşyp, pikirleriňizi aýtmaga, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG