Sepleriň elýeterliligi

​Astana: Ylalaşyga maýda gol goýlar


Gazak daşary işler ministri Erlan Idrisow “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň” döredilmegi üçin Russiýanyň, Belarusyň we Gazagystanyň prezidentleri maý aýynda ylalaşyga gol goýarlar diýdi.

Rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçirjek duşuşygyndan öň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Idrisow gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň rus we belarus kärdeşleri Wladimir Putiniň we Aleksandr Lukaşenkonyň şu aýyň soňunda Minskde duşuşjakdyklaryny we olaryň bu duşuşykda maý aýynda Astanada geçiriljek sammiti ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýtdy.

Şeýle-de Idrisow maý aýynda geçiriljek sammitiň dowamynda üç lideriň “Ýewraziýa ykdysady bileleşigini” döretmek barada ylalaşyga gol goýjakdygyny aýtdy.

Gürrüňi edilýän bu üç döwlet “Gümrük bileleşigini” esaslandyryjylardyr. Bu bileleşik täze dörediljek “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň” özeni bolup durýar.

Rus resmileri täze dörediljek “Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň” 2015-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşigi nusgasyna öwrüljekdigini aýdyp, öňki Sowet soýuzynyň düzümine giren ýurtlaryň ünsüni gürrüňi edilýän bileleşige çekmäge synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG