Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Lawrow: Goşun yza dolanyp başlady


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ukrain araçäginiň golaýyndaky käbir rus goşunynyň harby türgenleşikleri tamamalandan soň, hemişeki harby bazasyna dolanjakdygyny aýtdy.

Penşenbe güni gazak kärdeşi bilen geçiren duşuşygyndan öň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Lawrow türgenleşiklere gatnaşan bir batalionyň Rostow regionyndaky harby baza eýýäm dolanandygyny habar berdi.

Lawrow harby türgenleşiklerde “öňde goýlan wezipeler doly ýerine ýetirilenden” soň, beýleki goşunyň hem harby baza yzyna dolanjakdygyny sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG