Sepleriň elýeterliligi

​Özbegistan: Üç aýal tussag edildi


Özbegistanda üç aýal Täjigistanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

Özbek metbugatynyň penşenbe güni beren maglumatyna görä, ýurduň günortasyndaky Surhondarýo welaýatynyň üç aýal ýaşaýjysy öz mobil telefonlarynda ýurduň harby pudagyny hem-de Uzun we Sariasi etraplaryndaky beýleki obýektleri surata düşürmekde günäli tapylypdyrlar.

Özbek metbugatynyň maglumatynda gürrüňi edilýän bu aýallar pul sylagy üçin düşüren suratlaryny Özbegistanyň harby işgärlerine degişli maglumatlar bilen birlikde Täjigistanyň gizlin gulluklaryna geçirýär diýilýär.

Asly täjigistanly Kimýo Hudoýarowa 15 ýyl, Özbegistanyň raýatlary Gülnara Amanowa we Rano Hursandowa bolsa 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.

Özbek metbugatynda olaryň ählisiniň günäsini boýun alandygy ýazylýar. Maglumatda sud diňlenişiginiň takyk haýsy gün bolandygy barada mälim edilmeýär.
XS
SM
MD
LG