Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Saýlawlara uly umyt bar


Owganystanyň saýlaw komissiýasynyň işçisi ses berişlik üçin gapyrjaklaryň ýanynda dur, Kabul, 3-nji aprel, 2014.

Owganystanyň saýlaw komissiýasynyň işçisi ses berişlik üçin gapyrjaklaryň ýanynda dur, Kabul, 3-nji aprel, 2014.

Owganystanda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlary Hamid Karzaýyň 12 ýyllyk prezidentliginden hem-de bu döwürde “Talybana” garşy söweşen we indi ýurdy terk edýän halkara güýçleriniň berjaý eden missiýasyndan soňky täze bir eýýamyň başlanýandygyny jar eder.

Owganystanlylar 5-nji aprelde täze prezidenti saýlamak üçin saýlaw nokatlaryna bararlar. Köpler bu saýlawlaryň netijesinde ýurduň dartgynly taryhynda häkimiýetiň ilkinji gezek parahatçylykly we demokratik usulda çalşyljagyna umyt baglaýarlar.

Uly umyt

Umytlar uly. Täze lideriň häkimiýet başyna geçensoň, halkara goşunlary ýurdy ýylyň aýagyna çenli doly terk etmek üçin taýýarlyk görýärler, owgan goşunlary bolsa mundan beýläk “Talybana” garşy özbaşdak söweşmeli bolarlar.

Owganystanda, daşary ýurtlardan gönümel ýardam berilmezden, geçirilýän bu saýlawlar açyk we adalatly bolsa, onda owgan hökümeti milliardlarça dollar daşary ýurt kömegini alyp biler.

12 ýyllap ýurdy dolandyryp, konstitusiýa laýyklykda üçünji sapar wezipä dalaş etmäge haky bolmadyk Hamid Karzaýyň ornuna geçmek ugrundaky bäsdeşlige gatnaşýan 8 dalaşgäriň arasynda üçüsiniň öňe saýlanmagyna garaşylýar. Olar ýurduň öňki maliýe ministri Aşraf Ghani we öňki daşary işler boýunça ministrler Abdylla Abdylla hem Zalmaý Rasul.

Kabulda ýerleşýän Garaşsyz barlagalar boýunça Owganystanyň analiz merkeziniň egindeş başlygy Martine wan Bijlert häzirki saýlawlaryň 2004-nji ýylda geçirilen ilkinji demokratik saýlawlardan bäri iň açyk we netijelerini öňünden çak edip bolmaýan ses berişlikdigini aýtdy: “Bu saýlawlaryň uly tapawudy barada aýdylanda, bäsdeşlik ilkinji gezek açyk bäsleşik giňişliginde geçýär we dalaşgärleriň haýsysynyň iň güýçlüdigini we kimiň ýeňiş gazanjagyny öňünden çak edip, bilip bolmaýar”.

Ýeňiş gazanmak üçin mümkinçilikleri deň derejede uly bolan Abdulla we Ghani saýlaw gününe gadam basyp, özlerine deň derejede goldaw gazanyp bildiler. Rasul üçünji ýerde barýar.

Dalaşgärleriň üçüsi-de reformaçy we Günbatar tarapyndan goldanylýar. Olar owgan saýlawçylarynyň giň gatlagyna ýüzlenip, ses berijileriň deslapky goldawyny gazandylar.

Ylalaşyklar, çekeleşikler, netijeleriň uzaga çekmegi?

Dalaşgärlerden kimiň öňe saýlanýandygy belli bolmansoň, olardan haýsy-da bolsa biriniň sesleriň 50%-tini alyp, biljegine garaşmak kyn. Şu sebäpden öňe saýlanan esasy iki dalaşgäriň arasynda, meger, soňra 28-nji maýda gaýtadan bäsleşik bolar.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynyň ilkinji netijeleriniň 24-nji aprelde, gutarnykly netijeleriniň bolsa 14-nji maýda yglan edilmegine garaşylýar. Ses berişligiň netijelerini hasaplamagyň bu tertibi häkimiýet çalşygynyň iýul aýyna çenli, belki-de, has uzak wagta çenli yza tesdirilip bilinjekdigini aňladýar.

Karzaýyň prezident wezipesindäki möhleti bolsa 21-nji maýda tamamlanýar.

Şeýlelikde saýlaw gününiň we täze saýlanan prezidentiň wezipä resmi derejede geçmeginiň arasyndaky döwürde ylalaşyklaryň, çekeleşikleriň we gapma-garşylyklaryň döremegi we sesleriň hasaplanmagynyň çylşyrymlaşmagy ähtimal.

Owganystanda 12 million adam ses bermäge hakly, emma ses berişlik gününe çenli 20 milliona golaý ses berişlik karty çap edildi, bu bolsa saýlawlaryň netijeleriniň galplaşdyrylmagyna ýol açýar. Ses berişlik güni ýurtda 6000-den gowrak saýlaw nokady işlär, şol bir wagtda-da ýurduň käbir böleklerinde saýlaw nokatlary howpsuzlyk aladalary zerarly asla açylmaz
XS
SM
MD
LG