Sepleriň elýeterliligi

​Erdogan suduň kararyny tankyt etdi


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan hökümetiň Twitter sosial ulgamyna girizen gadagançylygyny aradan aýyrmak barada ýurduň Konstitusion sudunyň çykaran kararyny tankyt etdi.

Anna güni Erdogan: “Biz bu karary ýerine ýetirýäris, ýöne ony hormatlamaýarys” diýdi.
Twitter sosial ulgamyna girizilen gadagançylyk penşenbe güni aradan aýryldy. Bu gadagançylyk ýurtda geçirilen ýerli saýlawlaryň öň ýanynda, 21-nji martda Erdoganyň hökümeti tarapyndan girizilipdi.

Erdogan Twittere girizilen gadagançylygyň söz azatlygyny bozmaklygyň alamatydygy baradaky aýyplamalary ret edipdi. Erdogan Twitteri “täjirçilik kompaniýasy” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG