Sepleriň elýeterliligi

​Russiýa: Ukrainaly 25 raýat tussag edildi


Russiýa ýurtda hüjümleri amala aşyrmagy meýilleşdirmekde güman edilýän ukrainaly 25 raýaty tussag edendigini habar berýär.

Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň penşenbe güni beren maglumatynda tussag edilen adamlaryň 14 we 17-nji mart aralygynda Rostowda, Wolgogradda, Twerde, Orelde, Belgodorda, Kalmykiýada we Tatarystan regionynda hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrandygy aýdylýar.

Mundan ozal Russiýanyň döwlet gözegçiligindäki NTW telekanalynda tussag edilenleriň arasynda Ukrainanyň “Prawyý sektor”, ýagny “Sagçy sektor” atly milletçi toparynyň üç agzasynyň hem bardygy habar berlipdi. Bu topar fewral aýynda Ukrainanyň Russiýa tarapdary prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmeginde rol oýnapdy.

Rus telewideniýesinde berlen maglumata görä, şübheliler Ukrainanyň serhediniň golaýyndaky Russiýanyň harby serişdelerini surata düşürmek üçin Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy tarapyndan wezipelendirilipdir.
XS
SM
MD
LG