Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Mumbaý: Üç adam ölüm jezasyna höküm edildi


Hindistanyň sudy iki köpçülikleýin jynsy zorlama bilen ilteşikli üç adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Bu geçen ýyl ýurtda jynsy zorlama baradaky kanun agyrlaşdyrylany bäri gaýtalanan jynsy jenaýatlar üçin berlen ilkinji ölüm jezasydyr.

Bu karar anna güni Mumbaýyň sudunda yglan edildi. Gürrüňi edilýän karar geçen ýylyň iýul we awgust aýynda bolan iki hüjümi, şol sanda dünýä metbugatynda uly seslenme döreden suratça edilen hüjümi öz içine alýar.

Gürrüňi edilýän tussaglar sorag-jogap merkeziniň operatyryna jynsy zorluk etmekde hem geçen aý günäli tapylypdylar. Jynsy zorlmalaryň ikisi hem ulanyşdan galan degirmenhanada amala aşyrylypdyr.

2012-nji ýylda Täze Delidäki awtobuslaryň birinde lukmançylyk ugrundan bilim alýan talyba köpçülikleýin jynsy zorluk edilmegi we onuň yzýany aradan çykmagy, ýurtda köpçülikleýin gahar-gazaplaryň döremegine sebäp bolupdy. Şondan soň Hindistan jynsy zorluk jenaýatlaryna berilýän jezalary agyrlaşdyrdy.
XS
SM
MD
LG