Sepleriň elýeterliligi

Krym: Sebitiň ozalky ähmiýeti dikelermi?


Sowet Soýuzy döwründe Krymyň Ýalta kurorty, 1968.

Sowet Soýuzy döwründe Krymyň Ýalta kurorty, 1968.

1782-nji ýylda Orsýetiň imperatory Beýik Ýekaterina Krymy anneskiýa edip-etmezlik barada pikir edende onuň harby geňeşçisi Grigoriý Potemkin “Orsýete bu jennet gerekdir”, diýipdi.

Şondan bäri iki asyrdan gowrak wagtyň geçmegi bilen Orsýet Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, ýene-de “bu behişti” güýç bilen öz eline aldy. Emma Krymyň geçmişdäki reputasiýasyny dikeldip, syýahatçylyk merkezine we elitanyň Gara deňizdäki dynç alyş mekanyna öwrülip-öwrülmezligi sorag astynda galýar.

Aleksandr Puşkin, Anton Çehow we Lew Tolstoý ýaly beýik ýazyjylar Krymyň ajaýyp howasyny we onuň seýrek aýratynlyklaryny wasp edipdi. Söwet döwründe Krym ýarymadasy kommunist elitasynyň meşhur dynç alyş zolagyna öwrülipdi.

Krymyň baýlygy we infrastrukturasy postsowet ýyllarda dargapdy. Orsýetlileriň köpüsi bolsa daşary ýurtlara syýahat etmäge öwrenişdi, Türkiýäniň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň kenarlaryny doldurdy. Dynç almak üçin henizem Krymy saýlap alýanlar bolsa esasan arzan dynç alyş üçin ýarymada barýalar.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew şu hepdede Kryma sapar edip, meselä çemeleşmegiň ýollaryny teklip etdi. Ol Orsýetiň kanun çykaryjylaryny we ministrlikleriň resmilerini tomusky planlaryndan el çekip, dynç alyşlaryny Krymda geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de Medwedew döwlet howaýollary bolan “Aeroflot” kompaniýasyna onuň ýarymada amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyryp, biletleriň bahasyny bolsa azaltmagy, ortaça hasapdan 15 000-den 7000 müň rubla ýetirmegi tabşyrdy.

Medwedewiň aýtmagyna görä, maksat Kryma barmak üçin mümkinçilikleri aňsatlaşdyryp, dynç alyşy elýetrli etmekden, Türkiýe we Bolgariýa ýaly daşary ýurtly dynç alyş zolaklaryndan has amatly etmekden ybarat.

Emma özgerişligiň birden boljagy şübheli. “Aeroflot” görkezmä boýun bolup, bahalary peseltmek boýunça “sosial jogapkärçiligi” barada yglan etdi.

Şeýle-de, Orsýet Krymy humar oýunlarynyň gurnalýan zonasyna öwürmek barada täze kanuna seredýär. Şol bir wagtda-da, Krym ýarymadasynda dynç alyşy teklip edýän syýahatçylyk agentlikleri häzirki durnuksyzlygyň we Ukraina bilen uruşyň bolmagyna bildirilýän howatyrlanmalaryň syýahatçylygy eýýäm 30% azalmagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“Biz orsyýetlileriň gelmegine umyt edýäris”

Orsýetiň “Rosturizm” döwlet syýahatçylyk guramasynyň metbugat-wekili Irina Turina Krymy kadaly ýagdaýa salmak üçin ençeme ýyllap maýa ýatyrylmagynyň we infrastruktura gurluşygynyň gerek boljagyny aýdýar.

Orsýetiň Ukraina bilen häzirki gapma-garşylyklar orsýetlileriň ençemesiniň Kryma awtoulagly syýahat edip bilmejegini aňladýar. Sebäbi ýol Ukrainanyň giňişliginden geçýär. Emma Irina Turina orsýetlileriň ahyrsoňy syýahatçylygyň akymynyň köpeljegine ynam baglaýar: “Krym Orsýetliler üçin çagalykdan gowy görülýän nostalgiýaly bir ýerdir. Onuň soňky ýyllarda Ukraina degişli bolmagyna garamazdan, bu ýere syýahatçylyk içerki turizm hasaplanýardy. Kryma gitmek üçin daşary ýurt pasporty ýa-da wiza gerek däldi. Krymyň ajaýyp deňiz kenarlary bar, olar örän tapawutly. Şeýle-de Orsýetiň uzak wagtlap dowam edýän sowuk gyşyny we orsýetlileriň 80%-tiniň dynç alyşlaryny maýyl howada we ýyly suwly deňziň boýunda geçirmegi halaýandygyny hem nazara almaly.

Syýahatçylyk pudagy Krymyň ykdysadyýeti üçin iňňän wajypdyr. Ýarymadanyň kenarlaryna, daglaryna we Çehowyň “Belaýa Daça” muzeýine, Ýaltada gotika stilinde gurulan “Garlawajyň höwürtgesi” atly köşge, million çüýşeli çakyr kolleksiýasyna eýe bolan Massandra çakyr merkezine syýaha etmek üçin ýylda 6 million çemesi syýahaçy barýar.

Syýahatçylaryň üçden bir bölegini orsýetlileriň, ikinji bölegini ukrainalylaryň, üçünji bölegini daşary ýurtly syýahatçylaryň emele getirýändigi aýdylýar. (Geçen ýylda ABŞ-nyň “National Geographic” žurnaly özüniň “iň gowy syýahaçylyk” atly sanawynda Krymy birinji ýerde ýerleşdirdi).

Ýarymadanyň tatar ýaşaýjylarynyň köpüsi öz jaýlaryny we otaglaryny tabşyrmak arkaly syýahatçylykdan gazanç edýär. Krymyň uly myhmanhanalary we şypahanalary bolsa Krymyň Orsýetiň düzümine girmegini goldan köplükdäki ors ilaty tarapyndan dolandyrylýar.

“Orsýetiň anneksiýasyndan soň bu ýere soňky ýyllardakysyndan has köp orsýetlileriň gelip başlamagyna her kim garaşýar we umyt edýär”, diýip Ýalta şäherinde myhmanhananyň işgäri Darýa aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: “Geçen ýylda orsýetli syýahatçylaryň sany ukrainalylaryň sanyna garanda deň bolupdy. Emma häzir Ukrainada bolýan ýagdaýlar sebäpli şu ýyl köp ukarinalylaryň geljegine meňzemeýär. Ykdysady ýagdaý hem çylşyrymly. Biz indi düýpden başga ýurt bolduk, şeýlelikde orsýetlileriň gelmegine garaşýarys”.
XS
SM
MD
LG