Sepleriň elýeterliligi

Owganlar prezident saýlaýar


Owganlar prezident saýlamak üçin ses berýärler. Bu ýurduň taryhynda häkimiýetiň ilkinji gezek demokratiýa usulynda başga bir adama geçişi bolar.

Kabulda we beýleki ýerlerde, habarlarda aýdylmagyna görä, saýlawçylar saýlaw merkezlerinde nobata durup, berkidilen howpsuzlyk şertleri astynda öz saýlan kandidatlaryna ses berýärler.

Paýtagtda bir saýlawçy «Roýter» habar gullugyna özi ýaly raýatlaryň ýurtdaky syýasy sistemanyň özgermegini isleýändiklerini aýtdy:

"Biz bu gün bu ýere syýasy prosese gatnaşmaga geldik we, allanyň kömegi bilen, korrumpirlenen sistemanyň soňuna çykylmagyny isleýäris. Owganystanyň halky saýlamaga höwesli. Meniň özüm özgerişlik üçin ses bermäge taýar."

Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda saýlawçylar welaýat geňeşleri üçin hem ses bermeli.

Prezident Hamid Karzaý perzident köşgüniň golaýyndaky saýlaw merkezinde ses bereninden soň, «bu biziň geljegimiz, ýurduň geljegi üçin möhüm gün» diýdi.

"Men owgan halkyny saýlaw nokatlaryna gidip, ýagyş-ýagmyra, duşmanlaryň haýbatlaryna garamazdan, owgan perzidenti we welaýat geňeşiniň saýlawlary, Owganystanyň rowaçlyga tarap ýene bir ädim öňe süýşmegi üçin ses bermäge çagyrýaryn." Owgan saýlawlary, 5-nji aprel, 2014.

Owgan saýlawlary, 5-nji aprel, 2014.


Prezident saýlawlarynda Hamid Karzaýyň ýerine geçmek üçin dalaş gurýan sekiz kandidatyň üçüsi öňe saýlanar öýdülýär.

Karzaý ýurdy 12 ýyl dolandyrdy we konstitusiýa onuň ýene bir möhlet prezident bolmagyna ýol bermeýär. Karzaý 2009-njy ýylda gaýtadan prezident saýlananda giň ýaýran zorlukly wakalaryň, saýlaw gaplyklarynyň we bidüzgünçilikleriň köp bolandygy aýdylýar.

Saýlawda öňde barýanlar ozalky maliýe ministri Aşraf Gani, ozalky daşary işler ministrleri Abdylla Abdylla we Zalmaý Rasul.

Gani ses bereninden soň žurnalistlere ýüzlenip, şeýle diýdi:

"Owganystanyň halky bu saýlawa gatnaşmak bilen ýurduň duşmanylaryny açyk yşarat berýär. Onsoň ne haýbatlar, ne töwekgellikler biziň niýetlerimizi togtadyp biler."

Häkimiýetler 350 müňden gowrak esgeriň howpsuzlygy goraýandygyny aýdýarlar, «Talyban» bu saýlawlary bulaşdyrmagy wada beripdi.

Owganystanda 12 million saýlawçy bar. 200 müň çemesi owgan gözegçisi saýlawlara gözegçilik edýär.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG