Sepleriň elýeterliligi

Baýdan, Ýatsenýuk telefonda gürleşdi


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden bilen Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Halkara pul fondy bilen baglaşylmaly deslapky şertnamanyň öňüsyrasynda telefonda gürleşdi.

Ak tam anna güni ýaýradan beýanatynda bu şertnamanyň mümkin boldugyça çalt baglaşylmagyna goldaw bildirdi.

Penşenbe güni prezident Barak Obama Kiýewe 1 milliard dollar karz kepilliklerini berýän kanun taslamasyna gol çekdi. Halkara pul fondy geçen aý nagt pul kösençligini çekýän Ukraina 18 milliard dollar karz bermegi wada berdi.

Anna güni edilen telefon gürrüňinde Baýden Ukrainanyň energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň wajyplygyny nygtady hem-de adalatly we azat saýlawlary geçirmek üçin görülýän taýýarlyklary gutlady.
XS
SM
MD
LG