Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alyýew, Erdogan geçiriji proýektine umytly


Azerbaýjan we Türkiýe Azerbaýjandan Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa tebigy gaz eltjek täze geçirijiniň gurluşygy, planlaşdyrylyşy ýaly, 2018-nji ýylda tamamalanar öýdýäris diýýär.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan bu beýanaty anna güni Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda etdi.

Alyýew «Trans-Anadoly» gaz geçirijisiniň (TANAP) plan boýunça gurlup barýandygyny aýtdy. Erdogan «gelýän birnäçe aýda biz öňe tarap ädim äderis» diýdi.

Bu geçiriji Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki «Şahdeňiz II» gaz ýatagyndan 16 milliard kub metr gaz getirmek maksady bilen gurulýar.

Şeýle-de Alyýew Azerbaýjanyň gelýän 7-8 ýylda türk ykdysadyýetine 20 milliard çemesi dollar möçberinde maýa ýatyrmak planynyň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG