Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ukrainanyň $11 milliard bergisi»


Orsýetiň gaz läheňi Gazprom Ukraina Moskwanyň golaýda ýatyran eglişikli şertnamasynyň bir böleginiň hasabyna tygşytlan 11.4 miiliard dollaryny yzyna tölemeli diýýär.

Gazpromuň başlygy Alekseý Miller Ukraina 2009-njy ýylda baglaşylan «Harkow şertnamasy» esasynda dört ýyllap arzanladylan rus gazyny alyp geldi diýdi.

Miller bu arzanlatmanyň Orsýetiň harby-deňiz güýçleriniň Ukrainanyň Gara deňiz porty bolan Sewastopoly 2017-nji ýyla çenli ulanmagy üçin öňünden edilen tölegdigini, munuň «Harkow şertnamasynyň» bir bölegi bolandygyny aýtdy.

Miller indi ol port Krym bilen bilelikde Orsýet tarapyndan anneksiýa edildi we Ukraina arzan bahadan alan gazy üçin tygşytlan pullaryny yzyna bermeli diýdi.

Şu hepdäniň başynda Orsýet Ukraina satýan gyzynyň her müň kub metriniň bahasyny 285.5 dollardan 485.5 dollara galdyrdy.
XS
SM
MD
LG