Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda prezident saýlanýar


Owganlar prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Kabulda we beýleki ýerlerde saýlawçylar saýlaw merkezlerinde nobata durup, berkidilen howpsuzlyk şertleri astynda, öz saýlan kandidatlaryna ses berýärler.

Paýtagtda bir saýlawçy «Roýter» habar gullugyna özi ýaly raýatlaryň ýurtdaky syýasy sistemanyň özgermegini isleýändiklerini aýtdy:

"Biz bu gün bu ýere syýasy prosese gatnaşmaga geldik we, allanyň kömegi bilen, korrumpirlenen sistemanyň soňuna çykylmagyny isleýäris. Owganystanyň halky saýlamaga höwesli. Meniň özüm özgerişlik üçin ses bermäge taýar."

Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda saýlawçylar welaýat geňeşleri üçin hem ses bermeli. Prezident Hamid Karzaý perzident köşgüniň golaýyndaky saýlaw merkezinde ses bereninden soň, «bu biziň geljegimiz, ýurduň geljegi üçin möhüm gün» diýdi.

"Men owgan halkyny saýlaw nokatlaryna gidip, ýagyş-ýagmyra, duşmanlaryň haýbatlaryna garamazdan, owgan perzidenti we welaýat geňeşiniň saýlawlary, Owganystanyň rowaçlyga tarap ýene bir ädim öňe süýşmegi üçin ses bermäge çagyrýaryn."
XS
SM
MD
LG