Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow kadrlary çalyşdy


Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we habar serdişdeleri baradaky orunbasary Bägül Nurmyradowany işden boşadyp, onuň ýerine Maýsa Ýazmuhammedowany belledi.

B.Nurmyradowa öz ýolbaşçylyk edýän pudagynda üç aýyň dowamynda edilen işler barada hasabat berip, prezidentden saglyk ýagdaýy sebäpli işden boşadylmagyny sorady.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow ýurduň medeniýet ministri G.Mämmedowany, başga işe geçmegi sebäpli, işden boşatdy.

Maslahatyň dowamynda ýurduň oba hojalyk ministri R.Bazarow hem, başga işe geçmegi sebäpli, işden boşadyldy.

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi A.Kakabaýew, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi M.Çaryýew, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi R.Beşerow, Baş prokuraturanyň geçiren barlaglary esasynda, «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, işden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG