Sepleriň elýeterliligi

Karzaý, Günbatar liderleri saýlawy öwýär


Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň wekilleri ses sanaýarlar. Kandahar, 5-nji aprel, 2014.

Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň wekilleri ses sanaýarlar. Kandahar, 5-nji aprel, 2014.

Iş başyndan gidýän prezident Hamid Karzaý we Günbatar liderleri Owganystanda şenbe güni geçen saýlawlara ýokary baha berdiler.

Deslapky hasaplamalar ses bermäge ukyply 12 million saýlawçydan 7 million saýlawçynyň, ýagny saýlawçylaryň 58 prosentiniň prezident we ýerli edaralaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin ses berendigini görkezýär.

Bu saýlawa Owganystanyň häkimiýeti ilkinji gezek demokratik usulda bir adamdan başga bir adama geçirmeginde ätjek uly ädimi hökmünde seredilýär.

Karzaý telewideniýede berlen ýüzlenmesinde owganlar ýaramaz howa we «talyban» haýbatlaryna garaman, ses bermekde batyrlyk görkezdiler diýdi. Prezident Hamid Karzaý, Kabul, 5-nji aprel, 2014.

Prezident Hamid Karzaý, Kabul, 5-nji aprel, 2014.



"Owgan halky bu gün milletiň ses bermäge gatnaşygynda özleriniň beýik bir ýubileýini praktika girizdi. Sowuk howa we ýagyş-ýagmyra, terror hüjümleriniň ähtimallygyna garamazdan, biziň uýalarymyz we doganlyrmyz bütin ýurt boýunça saýlawlara gatnaşdylar. Olaryň saýlawa gatnaşygy öňe tarap bir ädim we bu Owganystanyň üstünligi."

2009-njy ýylda Karzaýy ikinji möhlete galdyran prezident saýlawlary giň ýaýran galplyklar we zorluk-sütemli wakalar bilen utgaşypdy.

«Talybanyň» saýlawlary bulaşdyrmak baradaky haýbatlaryna garamazdan, şenbe güni uly hüjümleriň bolandygy habar berilmedi.

Emma muňa garamazdan, içeri işler ministri Mohammad Umar Daudzai 24 sagat wagt içinde guralan ýa-da synanyşyk edilen 100-den gowrak hüjüm netijesinde 20 adamyň, esasan owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň öldürilendigini aýtdy.

Saýlaw şikaýatlary komissiýasynyň başlygy Sattar Saadat Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna düzgün bozmalar barada onlarça şikaýatyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Käbir saýlaw uçastoklarynda ses berilýän býulletenleriň ýetmezçilik edendigi habar berildi. Demirgazykdaky Baglan welaýatyndan bir saýlawçy Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna şeýle diýdi:

"Biz azyndan ýedi ýa sekiz saýlaw uçastogyna bardyk, emma olaryň hiç birinde ses beriş býulleteni ýok eken."

Fotosergi

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bu saýlawlaryň owganlaryň öz ýurtlarynyň doly jogapkärçiligini öz üstlerine almakda gazanan ýene bir möhüm sepgidi bolup durýandygyny aýtdy.

Häkimiýetiň täze prezidente geçişi Günbataryň söweş goşunlarynyň şu ýylyň aýagynda Owganystany terk etmäge taýýarlanýan wagtynda bolup geçýär.

Obamanyň beýanatynda bu saýlawlar Owganystanyň demokratik geljegini, şonuň bilen birlikde halkara goldawynyň dowam etmegini üpjün etmekde diýseň wajyp waka hökmünde häsiýetlendirilýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri «Bu gün millionlap owgan erkegi we zenany batyrgaýlyk we ygrarlylyk bilen saýlawa gatnaşdy» diýdi.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Williýam Heýg bu saýlawy «taryhy pursat» diýip atlandyrdy hem-de owganlary sesler sanalýança «sabyr-takatlylyga we hormat-sylaga» çagyrdy.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen saýlawçylaryň "entuziazmine" hem-de owgan howpsuzlyk güýçleriniň «aňrybaş işine» ýokary baha berdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi owgan halkynyň ekstremist we terror toparlarynyň haýbatyna garamazdan ses bermäge gatnaşmaga ýürek edişine ýokary baha berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton «eger-de biz mundan demokratik geçiş hukugyny alsak, bu taryhy bir pursat bolar» diýip, seresaply gürledi. Raketa hüjüminden ýaralanan oglan, Jalabad, 5-nji aprel, 2014.

Raketa hüjüminden ýaralanan oglan, Jalabad, 5-nji aprel, 2014.


Şeýle-de Aşton bu saýlawlary geçirmek üçin edilen işlere, görlen taýýarlyklara ýokary baha berdi.

Prezident Karzaýyň ornuna geçmek üçin sekiz kandidat bäsleşdi. Emma olaryň üçüsi – ozalky daşary işler ministrleri Zalmai Rassul we Abdulla Abdulla, ozalky maliýe ministri Aşraf Gani öňe saýlanar öýdülýär.

Deslapky netijeleriň 24-nji aprelden bärde aýan edilmegine garaşylmaýar.

Eger kandidatlaryň hiç biri 50 prosentden kän ses almasa, 28-nji maýda iki öňe saýlanan kandidatyň arasynda ikinji tapgyr bäsleşik geçiriler.
XS
SM
MD
LG