Sepleriň elýeterliligi

Iordaniýa: pitnede ofiserler ýaralandy


Iordan häkimiýetleri ýurduň demirgazygynda siriýaly bosgunlaryň lagerinde bolan pitnede iordan polisiýasynyň azyndan 22 ofiseriniň ýaralanyp, hassahana ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Resmiler Zaatri bosgun lagerinde şenbe güni bolan pitnede bir bosgunyň öldürilendigi baradaky habarlary ret etdiler.

Resmiler pitnäniň polisiýa lageri bikanun terk etjek bolan topary tussag edeninden soň turandygyny aýtdylar.

Zaatri lageriniň bosgunlary bu pitnäniň bir polisiýa ofiseri maşynyny siriýaly çaganyň üstünden sürüp, ony agyr ýaralandan soň turandygyny aýdýarlar.

Bu lagerde onlarça müň siriýaly bosgun ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG