Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 13 "talyban" boşadylar


Pakistanyň hökümeti, jeňçiler bilen alnyp barylýan gepleşiklere kömek etmek niýeti bilen, 13 sany «talyban» tussagyny azatlyga goýberjegini aýdýar.

Içeri işler ministri Çaudri Nisar Ali Han şenbe güni, hökümetiň parahatçylyk komitetiniň «Talyban» bilen duşuşygyndan soň, «Talyban» hem bu çärä mynasyp jogap gaýtarar diýip umyt edýändigini aýtdy.

Han gepleşikleriň indiki hepde geçiriljek tapgyryna çenli azat edilen tussaglaryň sanynyň 30-a ýetjegini aýtdy.

Pakistanyň «Talybany» anna güni martda başlan ok atmasyzlyk düzgünini 10-njy aprele çenli uzaltdy.

Ok atyşlyk hökümete tussaglary boşatmaga hem öz goşunlaryny yza çekmäge wagt bermek üçin togtadylypdy.

Yslamabat «Talyban» hereketi bilen gepleşiklere fewralda başlady, bu gepleşikler jeňçileriň 2007-nji ýylda başlan pitnesini soňlamagy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG