Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan suw baýramyny belleýär


Türkmenistanda her apreliň birinji ýekşenbesinde geçirilýän «Suw damjasy – altyn dänesi baýramçylygy» bellenilýär.

Ýurduň gazetlerinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw baýramçylygy mynasybetli watandaşlara gutlagy çap edildi.

Onda suw hojalygynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, bütin halk milli baýramçylyk bilen gutlanylýar.

«Ekerançylyk we suwaryş tehnologiýasyny hemişe kämilleşdiren ata-babalarymyz «Suwsuz ýaşaýyş ýok, zähmetsiz -eşret» diýipdirler.

Muňa guýular, kärizler, suw howdanlary, kanallar, derýalar, köller we türkmen düzlüklerinde, dag eteklerinde gurlan köp sanly beýleki suw desgalary şaýatlyk edýär» diýip, prezidentiň gutlagynda aýdylýar.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýinde hudožnikleriň suw temasyna bagyşlap çeken suratlarynyň sergisi açyldy we beýleki medeni-köpçülik çäreleri gurnaldy.
XS
SM
MD
LG